Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Är-aýal gara ýelde bir-biriniň elinden ýapyşdy, emma ikisi-de elsiz galdy

13:5224.05.2025
0
6671
Är-aýal gara ýelde bir-biriniň elinden ýapyşdy, emma ikisi-de elsiz galdy
Surat: Gazeta.ru

Kentukkide (ABŞ) är-aýal ýykyp-ýumrujy tüweleýde ejir çekdiler diýip, «The New York Post» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Waka 16-njy maýda Lorel okrugynda boldy, garry är-aýal Pol we Geýl Klanlar tizligi sagatda 170 kilometre ýetýän we giden şäherleri ýer bilen ýegsan eden gara ýelden halas bolmak üçin göreşdiler. Emma gizlenere ýer tapmansoňlar, ýatak jaýa girip, bir-birini gujaklap oturmakdan başga çäreleri galmady. Haçanda ýel daş-töwerekdäki ähli zady pyrlap ugranda, olar birek-biregiň elinden ýapyşyp saklandylar, emma güýçli şemal olaryň ellerini goparyp aýra saldy.

Mundan soňra olaryň ikisi-de huşlaryndan gitdi, olary öýüň harabasyndan tapdylar. Pol hem, Geýl hem bir golsuz galdy, sebäbi harasat olaryň her biriniň bir elini gopardy. Är-aýaly hassahana ýerleşdirdiler. Erkek kişi özüne geldi, emma demensiýa kesellidigi sebäpli näme bolup geçendigine düşünmeýär. Geýl bolsa henizem özüne gelenok.

Dogan-garyndaşlary Pola onuň gara ýelden gudrat bilen halas bolan itini getirdiler. Onuň iti tebigy betbagtçylyk başlanmanka gaçyp halas bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň