ABŞ-nyň Milli kerler jemgyýeti ýurduň Prezidenti Donald Trampyň diwanyny metbugat brifinglerinde üm terjimesiniň (surdo-terjime) ýokdugy üçin kazyýete berdi. Bu barada NPR neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Kerleriň milli assosiasiýasy (NAD) metbugat birifinglerinde amerikan diliniň üm terjimesiniň ýokdugy üçin Ak tamyň garşysyna kazyýete şikaýat etdi» diýlip, habarda aýdylýar.
Ýurduň öňki Prezidenti Jo Baýdeniň döwründe surdoterjimeçileriň ähli resmi birifinglerde ulanylandygy, emma Tramp döwlet Baştutany wezipesine gelenden soňra bu däbiň bes edilendigi bellenýär.
Bu ABŞ-nyň häzirki Prezidentiniň garşysyna kazyýete ýüz tutulýan ilkinji ýagdaý däl. Golaýda Massaçusetsiň Federal okrug kazyýeti Trampyň ABŞ-nyň Bilim ministrliginiň işini täzeden guramak barada kararyny ýatyrdy.