Italiýada Kampi-Flegreý super-ýanardagy oýanmagy mümkin, ol planetany bulam-bujarlyga salar. Bu barada alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanýan «Daily Star» neşiri habar berdi.
Gazetiň ýazmagyna görä, super-ýanardag oýanyp başlady, sebäbi onuň töweregindäki seýsmologik işjeňlik netijesinde soňky alty aýda 3 müňden gowrak ýer yranma hasaba alyndy. Neşir şeýle hem mundan 40 müň ýyl töweregi öň Kampi-Flegreý ýanardagynyň Ýeriň taryhynda iň elhenç heläkçiligi we ählumumy klimatda iri üýtgeşmeleri döredendigini ýazýar.
«Eger atylma şu gün bolsady, ýanardag gurumynyň buludy Ýewropanyň köp bölegini ýapardy... Gün şöhlesiniň öňi tutular, bu bolsa ählumumy howa sowamasyna getirer, şeýle-de azyk önümleriniň üpjünçiligini howp astyna salyp biler» diýlip, habarda nygtalýar.
Öň Italiýanyň Hökümeti bu super-ýanardagyň işjeňligi bilen baglylykda milli taýýarlyk düzgünini girizdi hem-de Neapol şäherini göçürmäge taýýarlanýarlar.