Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýada möhletinden öňki Prezident saýlawlary dowam edýär

16:5830.05.2025
0
13775
Günorta Koreýada möhletinden öňki Prezident saýlawlary dowam edýär
Surat: Oxu.az

Günorta Koreýada möhletinden öňki Prezident saýlawlarynda ses bermek başlandy, ýurduň çäginde üç müňden gowrak saýlaw uçastoklary hereket edýär diýip, «MIR 24» habar berdi.

Düýn – penşenbede başlanan saýlawlar şu gün tamamlanar, onda raýatlaryň 40 göteriminiň ses bermegine garaşylýar. Öňki döwlet Baştutany Ýun Sok Ýele ýurtda harby düzgün girizmegi bilen baglylykda, ynamsyzlyk bildirilipdi we wezipeden gidenden soňra möhletinden öňki Prezident saýlawlary bellendi.

Günorta Koreýadaky Prezident saýlawlarynda Li Çže Men, Kim Mun Su we Li Çžun Sok dalaşgärlik edýärler.

Ýurduň ilaty 51,6 million töweregi. Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, Respublikanyň raýatlarynyň 44,3 milliona golaýy saýlawlarda ses bermek hukugynyň eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň