Tailand, Hytaý we Singapur koronawirusyň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz boldy, hökümet raýatlary agyz-burun örtügini dakynmaga çagyrýar diýip, «Nikkei Asia» portalyna salgylanýan TASS habar berdi.
Habarda 18-24-nji maý aralygynda Tailandda COVID-19 ýokuşanlaryň 53,5 müňüsiniň hasaba alnandygy bellenýär. Kesel has-da paýtagt Bangkokda çalt ýaýraýar. Hünärmenler muny taý Täze ýyly – Songkran baýramy bilen baglaýarlar.
Tailandyň hökümeti ilatyň agyz-burun örtükleri bilen ýeterlik derejede üpjün bolmagy barada aladalanýandyklaryny habar berdi. Saglygy goraýyş ministrligi keselliler üçin lukmanlar bilen aralykdan, şeýle-de ykjam priloženiýeleriň üsti bilen mugt maslahatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini, tiz derman eltmegiň ýola goýlandygyny habar berdi.
Hytaýyň Kesellere gözegçilik we öňüni almak boýunça merkezi 28-nji aprelden 4-nji maý döwürde ýurduň hassahanalarynda ýokanja garşy testleriň 16 göterime golaýynyň oňyn netije görkezendigini habar berdi.