Şweýsariýanyň milli «Swiss» awiagatnadyjysy oktýabr aýyna çenli uçarmanlaryň hemişe ýetmezçilik edýändigi sebäpli, gatnawlaryň 1400-e golaýyny ýatyrýar. Bu barada «Euronews» habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.
Esasan, Sýurih bilen Ženewanyň arasyndaky gysga aralyklara we tutuş Ýewropa boýunça birnäçe uçuşlar azaldylar. Şanhaý we Çikago ýaly uzak gatnawlar seýrek ýerine ýetiriler. Şeýle-de Müsüriň Hurgadasyna tomusky gatnawlar doly togtadylar.
«Swiss» awiakompaniýasy emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, çuň gynanç bildirýär. Awiakompaniýa şeýle hem uçarmanlaryň ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin gyssagly çäreleriň toplumyny kabul etdi. Olaryň arasynda uçarmanlaryň pensiýa çykmak möhletini meýletin uzaltmak, zähmet dynç alyşlaryny satyn almak we doly iş gününde işlemeýän uçarmanlary sylaglamak, olaryň iş wagtyny uzaltmak bar.
«Euronews» habarlar gullugy koronawirus pandemiýasynyň täze uçarmanlary taýýarlamak işini togtadandygyny we pensiýa çykmagy çaltlandyrandygyny, munuň netijesinde pudagyň henizem özüni dürsäp bilmeýändigini ýazýar.
Ýewropanyň «KLM», «British Airways» we «easyJet» awiakompaniýalarynyň hem tomusky gatnawlara uçarman ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygy habarda bellenýär.