Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon Täjigistanyň buzluklaryny öwrenmek boýunça ylmy sapar guramagy teklip etdi

09:1031.05.2025
0
9514
Emomali Rahmon Täjigistanyň buzluklaryny öwrenmek boýunça ylmy sapar guramagy teklip etdi
Surat: MIR 24

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherinde Buzluklary goramak boýunça birinji ýokary derejeli halkara maslahatyň plenar ýygnagyny açmak bilen, Respublikanyň buzluklaryny öwrenmek boýunça toplumlaýyn ekspedisiýany guramagy teklip etdi. Bu barada TASS habar berdi.

«Sebitiň buluklarynyň 60 göterimden gowragynyň Täjigistanda ýerleşýändigini hasaba almak bilen, men ösüş boýunça hyzmatdaşlarymyz hem-de ylmy-barlag edaralary bilen bilelikde Täjigistanyň buzluklaryny öwrenmek boýunça toplumlaýyn ylmy sapary guramagy teklip edýärin» diýip, Rahmon çykyşynda nygtady.

Täjigistanyň çäginiň 93 göterimini daglyk eýeleýär. Ýurt Merkezi Azýada ägirt uly buzluklaryň eýesi bolmak bilen, kynçylyklara uçraýar. Ýurduň buzluklary sebitiň suw gorlarynyň emele gelmeginiň möhüm çeşmesidir.

Häzirki wagtda ýurtdaky 14 müň buzlugyň 1300-si (10 göterime golaýy) tutuşlygyna ýok boldy, buzluklaryň çalt eremegi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň