Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki döwründe aýratyn möhümdigini nygtady.
"Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi" diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.