28-nji maýda Belarus Respublikasynyň «Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi» döwlet edarasynda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda «Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi» döwlet edarasynyň müdiri L.Kondraşowa ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Soňra Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi N.Şagulyýew çärä gatnaşyjylara Bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeniýeti, sungaty we tebigaty barada gürrüň berýän surat sergisi guraldy hem-de ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny, özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.
Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary ajaýyp aýdymlary we «Küştdepdi» halk tansyny öz içine alan konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda «Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi» döwlet edarasynda bejergi alýan çagalara ilçihana tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.