Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi

21:1530.05.2025
0
14650
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirligi

Şu gün «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Maslahata Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň wekilleri, göni wideoaragatnaşyk arkaly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti, şeýle hem halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň orny barada aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ýurduň halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan parahatçylyk ýoly, durnukly ösüş we ählumumy hyzmatdaşlyk üçin durmuşa geçirýän tagallalary barada gürrüň berdi.

Ýapon tarapynyň wekilleri «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň ýurduň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen syýasatyny giňden wagyz etmek üçin möhüm platforma hökmünde çykyş edendigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň