29-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Milli Parlamentiň Başlygy öz ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş sapary barada hem aýtdy we bu iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlananda döwrüň talap edýän kanun taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we şoňa görä-de, kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisinde käbir resminamalara hem gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.