Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň döwlet baştutanyny BMG-niň Awazada geçirjek maslahatyna çagyrdy

08:5531.05.2025
0
11492

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Astanada 30-njy maýda bolan duşuşykda şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň