Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi. Bu barada TDH ýazýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.
Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. "Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ýurduň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.
"Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurduň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.