Hindi kinosynyň we telewideniýesiniň ýyldyzy, ssenariçi Mukul Dew 55 ýaşynda aradan çykdy, ol 100-den gowrak filmde surata düşdi diýip, «rg.ru» habar berdi.
Mukul 2023-nji ýylda saglygy bilen bagly kinodaky işini goýdy. «Bollywood Hungama» neşiriniň ýazmagyna görä, artist Delidäki hassahanalaryň birinde aradan çykdy.
Dew 1970-nji ýylda dünýä indi, Delide önüp-ösdi. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda kinoda işläp başlady.
Onuň iň meşhur filmleriniň hatarynda «Paýhassyz söýgi», «Howply zenan», «Jübütler», «Ýalňyz gurt», «Gardaş, bu superhit!» ýaly filmler bar.