Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede 5 müň ýyl ýaşly çörek bişirilip başlandy

16:0028.05.2025
0
12985
Türkiýede 5 müň ýyl ýaşly çörek bişirilip başlandy
Surat: Gazeta.ru

Türkiýede ýaşy bäş müň ýyl bolan çörek tapdylar. Indi gadymy usul boýunça çörek bişirilýär diýip, «Le Figaro» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Arheologlar ýaşy 5 müň ýyl bolan oňat saklanan çöregi tapdylar. Ol ýurduň merkezi bölegindäki Eskişehirde geçirilen gazuw-agtaryşlar wagty ele salyndy.

Onuň ýakylmazyndan öň bir bölegi iýilipdir we täze binanyň gurluşygynyň düýbi tutulanda, ýere gömlüpdir. Gazuw-agtaryşlaryň ýolbaşçysy we arheolog Myrat Türk häzire çenli bitin saklanan çöregiň gömülmegi bolelinlik baradaky yrym bilen bagly bolmaly diýip çaklaýar.

Alymlar çöregiň düzümini öwrendiler. Ol elde üwelen bugdaýdan, şeýle-de merjimek unundan taýýarlanypdyr, gönezlik üçin oňa näbelli bolan ösümligiň ýapraklary garylypdyr.

Eskişehriň häkimligi we «Halk Ekmek» çörekhanasy oňa meňzeş çörek önümini öndürip başlady. Olar munuň üçin meňzeş bolan «kavilca» atly gadymy bugdaý ununy, merjimegi hem-de bulgur peýdalandylar.

Häzir şeýle çörek elde bişirilýär we 50 türk lirasy bahalanýar. Ol tekjelerden dessine ýok bolýar, sebäbi çörek ýerli ýaşaýjylaryň we syýahatçylaryň arasynda meşhurlyk gazandy. Eskişehriň häkimi Aýşa Ýunluja bu tapyndynyň diňe taryhy nukdaýnazardan däl, eýsem, iş ýüzünde-de bähbitlidigini nygtaýar. Sebäbi sebit guraklyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar, şunda guraklyga çydamly gadymy bugdaý sortlarynyň ulanylmagy häzirki zaman oba hojalygy üçin bähbitlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň