Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň döwlet Baştutany ýurtda Prezident dolandyryşynyň girizilmegine garşy çykdy

08:5830.05.2025
0
10665
Mongoliýanyň döwlet Baştutany ýurtda Prezident dolandyryşynyň girizilmegine garşy çykdy
Surat: Asiais.ru

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ýurduň Konstitusiýasyna düzedişleri we Prezident dolandyrylyşyny girizmek barada başlangyjy goldamaýandygyny nobatdaky gezek aýtdy. Ol bu barada syýasatçylardyr jemgyýetçiligiň şeýle mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyp başlamagy bilen bagly çykyşynda nygtady diýip, TASS ýazýar.

Mongoliýanyň lideri bu barada öň hem aýdandygyny we ýurduň parlament dolandyrylyşly döwletdigini hem-de ony berkitmegiň möhümdigini belledi. «Ýurduň garaşsyzlygyny, milli howpsuzlygy we halkyň bitewüligini üpjün etmek üçin demokratik dolandyryşy kämilleşdirmek gerek» diýip, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh sözüniň üstüni ýetirdi. Ol bu barada 2017-2021 ýyllarda ýurduň Hökümet başlygy bolup işleýärkä hem aýdandygyny ýatlatdy.

Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň alty ýyl möhlet bilen saýlanan ilkinji döwlet Baştutanydyr. Öň Mongoliýada Prezident dört ýyl möhlet bilen saýlanýardy. Öňki Prezident Haltmaagiýn Battulga 2017-nji ýylda saýlanyp, 2021-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşyp bilmändi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň