Russiýada ýylyň birinji çärýeginde holodilnikleriň 614 müňüsi satyldy we bu geçen 2024-nji ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim azdyr. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
Şeýle hem ýurtda bazaryň öňdebaryjylary täzelendi, ýagny öň bu hojalyk tehnikasynyň satuwlarynyň 19 göterimini «Haier» hytaý brendi eýelän bolsa, häzir ilkinji orna ähli satuwlaryň 15 göterimini eýelän «Indesit» türk brendi çykdy. «Haieriň» satuwlary 13 göterime çenli azaldy. Üçünji orny hem 6 göterim paý bilen türkleriň «Beko» brendi eýeledi.
Hünärmenler russiýalylaryň holodilnikleri satyn alanlarynda, has amatly nyrhly önümlere geçýändigini belleýärler. Şeýle hem geçen ýyl bu tehnika islegiň ýokary bolandygy sebäpli, satuwlar pese gaçdy diýlip, habarda bellenýär.