Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Italiýa arheologiýada hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary alyşdylar

09:0531.05.2025
0
12027

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, munuň özi iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň