28-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylaryň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni M.Jemilow alyp bardy. Ol Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň maslahatlarynyň orny barada çykyş etdi.
Çykyşda, esasan hem, ykdysady, energetika, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça giňişleýin durlup geçildi.