Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda okuw maslahaty geçirildi

11:1330.05.2025
0
10070

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň binasynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, iki günläp dowam eden maslahata ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň başynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor nobatdaky okuw maslahatyň maksadynyň sanly tehnologiýalaryň üsti bilen maglumat alyşmagy ýokarlandyrmak, onuň durmuşa geçirilişi we jemgyýetde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada çykyş etdi.

Maslahatda ÝHHG-niň Başlygynyň metbugat azatlygynyň meseleleri boýunça uly geňeşçisi Gido Kel, strategik aragatnaşyk boýunça bilermen Žiwile Nawiskaýte-Babkin (Litwa döwletinden) çykyş edip, habarlarydyr täzelikleri jemgyýete dessin ýetirmekde gazet-žurnallaryň, web saýtlaryň ähmiýeti, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maksatnama laýyklykda, okuw maslahatynyň birinji güni sanly infrastruktura, netijeli aragatnaşygyň esasy ýörelgeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habarlary dogry beýan etmek barada düşünje almakdan ybarat boldy. Ikinji günde çärä gatnaşyjylar aragatnaşygyň çäklendirmeleri we mümkinçilikleri, emeli aňyň aragatnaşyga ýetirýän täsiri babatda giňişleýin maglumat aldylar.

Strategik aragatnaşyk boýunça bilermen Žiwile Nawiskaýte-Babkin özüniň iş tejribesine esaslanyp, gatnaşyjylara dürli mysallardyr gönükmeleriň üsti bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde zerur bolan usullar, bu ugurda nazary bilimleri we amaly başarnyklary kämilleşdirmäge ýardam edýän ýörelgeler barada aýtdy.

Okuw maslahatynyň ahyrynda bu mowzuga degişli ýörite söhbetdeşlikler guralyp, onda çärä gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň