Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň ilçisi türkmen talyplarynyň öňünde sapak berdi

21:0527.05.2025
0
14228

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin «Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk» temasy boýunça okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa uniwersitetiň rektory, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary, Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Ilçi Ahmed Al Hameli çykyşynda öz ýurdunyň bilim ulgamy, BAE-niň orta mekdeplerinde emeli aň baradaky çemeleşmeler, nebitgaz hem-de energetika ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada giňişleýin gürrüň berdi. Diplomat her bir pudaga degişli emeli aň bilen baglanyşykly çözgütleriň üstünde durup geçdi hem-de olaryň geljekde döretjek mümkinçiliklerini açyp görkezdi.

Mundan başga-da, ilçi Birleşen Arap Emirlikleriniň belli ýokary okuw mekdepleri barada tanyşdyrdy hem-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Çykyşynyň ahyrynda ol diňleýjileriň ählisine sag bolsun aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň