Ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Gadymy Gündogar filosofiýasy» atly okuw kitaby çapdan çykdy. Ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Alym Salyhow taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, okuw kitabynda gadymy Gündogar filosofiýasynyň mazmuny, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Gadymy Gündogar filosofiýasynyň jemgyýetiň durmuşyndaky orny, ähmiýeti kesgitlenilýär, onuň döreýiş we ösüş taryhy beýan edilýär. Awtor filosofik taglymatlara seljerme bermek bilen, olaryň many-mazmunyny, özara baglanyşyklaryny we möhüm meselelerini açyp görkezýär.
Okuw kitaby geljekki hünärmenlerde ylmy dünýägaraýşy, filosofiýa medeniýetini, döredijilikli pikirlenmegi kemala getirmegi maksat edinýär.
Talyplara, aspirantlara we filosofiýa ylmy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu neşir «Gadymy Gündogar filosofiýasy» okuw dersi boýunça taýýarlanylan kitaplaryň ilkinjileriniň biridir diýlip, habarda bellenilýär.