Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

14:2527.05.2025
0
15552
Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi
Surat: Atavatan Türkmenistan

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, olimpiada 8 ýurduň 38 sany ýokary okuw mekdebinden 135 talyp gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşan daşary ýurtly wekilleriň hatarynda Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Pakistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar. Halkara olimpiada her ýokary okuw mekdebinden dörtden köp bolmadyk talyp gatnaşdy. Şonda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýaşlary berlen 120 minudyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti dersine degişli 10 sany meseläni çözmek boýunça bäsleşdiler.

Netijede jemi 10 talyp bäsleşigiň altyn medalyna mynasyp boldy. Olaryň biri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby, 9-sy daşary ýurtly ýaşlardyr. Baýrakly ikinji orny 23 talyp eýeläp, şolaryň 18-si daşary ýurtly, 5-si bolsa türkmenistanly talyplardyr. Görkezen netijesi boýunça baýrakly üçünji orna 32 talyp eýe bolup, olaryň 15-si bolsa türkmenistanly ýaşlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň