Türkmenistanly türgen stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Daşkentde geçirilýän «WTT Youth Contender Tashkent – 2025» halkara turnirinde baýrakly orna mynasyp boldy. Bu barada «Olamsport» özbek saýty ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmenistana wekilçilik eden Ylýas Allanazarow bürünç medala eýe çykdy. Onuň ýaş derejesinde altyn medala eýranly Benýamin Faraji, kümüş medala bolsa ýene bir Eýranyň wekili Arşia Lorestani mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, 28-nji maýda başlanan «WTT Youth Contender Tashkent – 2025» halkara ýaryşyna dünýäniň 16 ýurdundan 300-den gowrak türgen gatnaşýar. Olar ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 11, 13, 15, 17 we 19 ýaşa çenli derejelerde özara güýç synanyşýarlar.
Turnir 31-nji maýda tamamlanar.