Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA-2025) çempionatynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 11 metrlik urgular boýunça ýeňmegi başardy we bürünç medala eýe boldy.
Bürünç medal ugrundaky duşuşyk Daşkentde geçirildi. Esasy wagtda hiç bir tarapa gol geçirmek (0:0) başartmady, 11 metrlik urgular tapgyrynda bolsa Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ony has şowly ýerine ýetirip, 7:6 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Azym Abaýew oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Toparçalaýyn tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy B toparçada iki duşuşyk geçirdi. Allaberdiýewiň şägirtleri Owganystanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdylar, emma Täjigistanyň toparyna 1:4 hasabynda ýeňildiler. Täjigistanyň topary Owganystanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, alty utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň ýygyndysy üç utuk bilen ikinji orny eýeledi, Owganystanyň topary bolsa utuk gazanyp bilmedi.
A toparçada birinji orny Özbegistanyň ýygyndysy eýeledi, ol Gyrgyzystanyň toparyny (5:1) we Eýranyň ýygyndysyny (4:2) ýeňip, iki ýeňiş gazandy. Ikinji orny Gyrgyzystanyň topary eýeledi, olar Eýrany 4:3 hasabynda ýeňdiler. Eýranyň ýygyndysy bolsa utuk gazanyp bilmedi.
Bäşinji we altynjy orun ugrunda Eýranyň ýygyndysy Owganystanyň toparyny 3:1 hasabynda utdy.
31-nji maýda geçiriljek final oýnunda toparçalaryň ýeňijileri – Özbegistanyň hem-de Täjigistanyň ýygyndylary duşuşarlar.