Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistana 102 müň tonna nebit däl önümleri eksport etdi

11:4027.05.2025
0
8682
Eýran Türkmenistana 102 müň tonna nebit däl önümleri eksport etdi
Surat: IRNA

Eýran senanamasy boýunça şu ýylyň birinji aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji martyndan 20-nji aprele çenli) Eýranyň nebit däl önümleriniň Türkmenistana eksportynyň umumy bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim, umumy möçberi bolsa 2,1 göterim ýokarlandy. Bu barada «Trend» habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe Eýran Türkmenistana umumy bahasy 26,9 million amerikan dollaryna deň bolan 104 müň tonn nebit däl önümleri eksport etdi. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiler degişlilikde, 26,1 million amerikan dollaryna we 102 müň tonna barabar bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, eýran senanamasy boýunça şu ýylyň birinji aýynda nebit däl önümleriň türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň umumy bahasy 27,4 million amerikan dollaryna (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 göterim ýokary), umumy möçberi bolsa 105 müň tonna (2,5 göterim ýokary) ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň