Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

08:5628.05.2025
0
9794
Lebap welaýatynda galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Lebap welaýatynda meýilleşdirilen 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, baş wezipe bolup durýar diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň oba hojalykçylary bugdaý oragy möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldiler. Häzirki wagtda welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem galla hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi.

Şonuň bilen birlikde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň hem-de onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň zähmeti netijesinde kuwwatly galla ýygyjy kombaýnlaryň 365 sanysy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary iki iş çalşygynda erk ederler.

Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir hem-de kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenen göçme ussahanalar, çalgy ýaglary, ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Şeýle hem ekin meýdanlaryndan ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryna daşamaklyk üçin awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 575-si çekilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň