Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Paradise Garden» tomus terrasasy: Aşgabatda hökman barmaly ýeriňiz

12:3929.05.2025
0
13860

«Altyn Paradise Garden» restoranynyň tomusky terrasasy tomsuň yssy günlerinde hökman baryp görmeli ýerleriň biridir. Ajaýyp gök öwüsýän we çüwdürim bilen bezelen bu gurşaw myhmanlara hakyky rahatlyk we serginlik «oazisini» hödürleýär.

Bu ýere gelýänler oturmak üçin dürli iň oňaýly ýerlerden özlerine göwnejaýyny saýlap bilerler: bu ýerde köpçülik bolup dynç almak üçin amatly bassyrmalar, atmosferadan lezzet almaga mümkinçilik berýän açyk stollar, ýa bolmasa-da iki adam üçin niýetlenen romantik stollar bar.

Restoranyň menýusy sizi dürli görnüşli tagamlary bilen begendirer. Olaryň her biri diňe bir ajaýyp datlylygy bilen däl-de, eýsem, owadan, estetiki aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar. Tomsuň yssysynda «Altyn Paradise Gardeniň» ýakymly atmosferany üpjün edip biljek köp sanly serginlediji kokteýlleri bardyr.

Şeýle hem tomusky terrasa doglan günleri we beýleki özbaşdak çäreleri bellemek üçin ajaýyp ýerleriň biridir. Anna gününden ýekşenbe gününe çenli bolsa myhmanlar bu ýerde özboluşly atmosferany döredip, janly aýdym-sazlardan lezzet alyp bilerler.

«Altyn Paradise Garden» restorany şu aşakdaky salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň golaýyndaky awtobus duralgasy).

Stol sargyt etmek we goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 56 15 45, (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň