Tomus paslynyň gelip, dynç alyş möwsüminiň badalga almagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Soltan Kenar» restorany aşhana tagamlarynyň we gözel deňiz kenarynyň sazlaşygyna ähmiýet berýänler üçin amatly ýere öwrülýär. Dynç alyş merkeziniň esasy zolagynda ýerleşýän restoran myhmanlara deňziň ajaýyp görnüşlerinden lezzet almagy, arassa deňiz howasy bilen naharlaryň lezzetiniň üstüni ýetirmegi teklip edýär.
«Soltan Kenar» restoranynyň menýusy köpdürli bolup, ol adaty türk tagamlaryny hem-de meşhur halkara aşhanasyny öz içine alýar. Bu ýerde islendik adam aşpezleriň ussatlyk bilen döredýän tagam eserlerine baha berip, öz islegine laýyk gelýän nahary tapyp biler.
Restoranyň interýeri ajaýyp dizaýny we täsin bezegi bilen haýran galdyrýar. Oýlanyşykly gurnalan yşyklandyryş we elegant dekor «Soltan Kenar» restoranyny diňe bir gastronomiki täsirleriň jümmüşine däl-de, eýsem, ýatdan çykmajak suratlara düşmek we romantik duşuşyklar üçinem täsirli ýere öwürýär.
Restoranyň özüne çekiji aýratynlyklaryndan biri-de myhmanlaryň oturmagy üçin dürli ýerleriň bolmagydyr. Bu ýere gelýänler giň esasy zaldaky, deňziň haýran galdyryjy görnüşi bolan açyk eýwandaky ýerleri saýlap bilerler ýa-da özbaşdak oturmak üçin aýratynlykdaky ýerlerde oturyp bilerler.
Özboluşly atmosferany we ýakymly sazlara beslenen gurşawy döretmek üçin bu ýerde her agşam DJ çykyş edýär.
«Soltan Kenar» restorany her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli açykdyr. Myhmanlara has amatly bolmagy üçin bu ýerde eltip bermek hyzmaty hem ýerine ýetirilýär.
Stol bronlamak ýa-da eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60 hem-de +993 (243) 5 90 50.