Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistandan ýer hozuny (arahis) import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy.
Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň eksport eden ýer hozunyň importynyň 8 göterimi türkmen bazarynyň paýyna düşýär.
Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp ýer hozuny satyn alan döwletleriň ilkinji bäşligine girdi. Şu ýylyň 4 aýynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen ýer hozunyň umumy möçberi 417 tonna deň bolupdyr.
Sanawyň ilkinji bäşliginde Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystanyň (2,1 müň tonna), Azerbaýjanyň (629 tonna), Russiýanyň (533 tonna) we Pakistanyň (497 tonna) ady bar.
Ýeri gelende bellesek, ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 5,2 müň tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 4,9 million amerikan dollaryna deňdir.