Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz we nebit koksy ABŞ-nyň, BAE-niň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine satin matasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 290 million 656 müň 400 dollaryna deň boldy.
Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 13 million 507 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny, aşgarlanmadyk nah matany we dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.