23-nji maýda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistannyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmek, statistiki maglumatlary alyşmak hem-de ýurduň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglylykda toplumlaýyn özgertmeleri ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Anna Bordon Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berip, türkmen tarapy bilen häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýete eýedigini nygtady.
Türkmen tarapynyň wekilleri gaznanyň bilermenlerine ykdysady syýasaty işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan usuly goldawlar we amaly teklipler üçin minnetdarlyk bildirdiler. Türkmenistanyň Halkara pul gaznasyna ykdysadyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmaga hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy, iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ykdysady maglumatlary alyşmagyň gurallarynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de duşuşykda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, hem-de infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.