Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa ilçihanalaryndaky aşpezleriň aýlyk hakyny ýokarlandyrýar

09:4526.05.2025
0
16868
Ýaponiýa ilçihanalaryndaky aşpezleriň aýlyk hakyny ýokarlandyrýar
Surat: Russia Japan Society

Ýaponiýanyň Hökümeti daşary ýurtlarda milli aşhanasynyň meşhurlygynyň artmagy bilen baglylykda, öz ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň aşpezleriniň aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kyodo» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda aşpezleriň aýlyk hakynyň ýylda häzirki 4 – 4,5 mln iýen (27,3 – 30 müň dollar) bolanlygyndan 6 mln iýene (41 müň dollar) çenli ýokarlandyryljakdygy aýdylýar. Şeýle hem baş aşpezlere ilçihananyň çäginden daşarda kireýine öýlerde ýaşamaga rugsat berler we olaryň jaý tölegleri hökümet tarapyndan amala aşyrylar.

Munuň sebäbi ýapon aşhanasynyň daşary ýurtlarda barha meşhurlyk gazanýandygydyr. «Baş aşpezler «aşhana diplomatlary» bolmak bilen, ýapon tagamlaryny has işjeň wagyz etmekde uly işleri bitirip bilerler» diýip, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Takesi Iwaýa nygtady.

Ýaponiýanyň her bir diplomatik wekilhanasynda öz baş aşpezi bolar, aýratyn ýerlerde bolsa iki baş aşpez işlär.

Ýaponiýanyň dünýäde 230 sany diplomatik wekihanasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň