Arizona sährasynda ýiten iki ýaşly çaga itiň kömegi arkaly tapyldy. Bu barada «Good News Network» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagny iki ýaşly Boden Allen ejesi onuň kiçi doganyna seredýärka, gürüm-jürüm boldy. Sebitiň gözleg-halas ediş gulluklary dikuçarlary peýdalanmak arkaly, giň möçberli gözleg işlerine girişdiler. Ýagdaýyň howplulygy çaganyň ýiten etrabynda dag ýolbarslarynyň köp bolmagy bilen baglydy, halas edijiler iki sany ýolbarsy hem gördüler, olar gözleg-halas ediş toparynyň agzalaryny yzarlaýardylar.
Gudrat 16 sagatlap dowam eden gözleglerden soňra, ertesi gün boldy. Ýagny oglanjygyň kakasy öz pireneý köpegi Bufordyň körpeje Bodeni yzyna düşürip gelýändigini görüp, haýran galdy. Görlüp oturylsa, çaga it tapýança howply jülgelerde 11 kilometr menzili ýeke özi geçen ekeni.
Oglanjyk sag-aman ene-atasyna gowuşdy, ite bolsa, sylag hökmünde ýaglyja kakmaç berdiler.