Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Amsterdam alakalara garşy uruş yglan etdi

11:2919.04.2025
0
10799
Amsterdam alakalara garşy uruş yglan etdi
Surat: Press.lv

Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagtynyň häkimiýetleri soňky ýyllarda ýaşaýjylar tarapyndan köp arz-şikaýat edilýän alakalara garşy berk göreş çärelerini geçirmek isleýärler diýip, NOS neşirine salgylanýan «Caliber.az» habar berýär.

Şäheriň jemgyýetçilik we arassaçylyk meseleleri boýunça geňeşiniň ygtyýarly wekili Aleksandr Sholtesiň sözlerine görä, geçen ýyl Amsterdamda alakalar sebäpli 6800 sany arz-şikaýat hasaba alnypdyr. Bu bir ýyl öňdäkiden 600 arza köpdür.

Alakalar bilen bagly ýakymsyz hadysalaryň öňüni almak üçin Amsterdam indi arassaçylyk çärelerine ýylda goşmaça 250 mln ýewro bölüp bermegi meýilleşdirýär. Gürrüň ilaty galyndylary gaýtadan işlemek babatda habardar etmek, has köp zibilhanalary döretmek, şeýle hem gurluşyk infrastrukturasyny gowulandyrmak barada barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň