Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýada sary gyzzyrmanyň ýaýramagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

16:5818.04.2025
0
15731
Kolumbiýada sary gyzzyrmanyň ýaýramagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
Surat: RIA Nowosti

Kolumbiýada sary gyzzyrmanyň möwjemegi sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministri Gilýermo Alfonso Haramilo «Senal Colombia» teleýaýlymynda habar berdi.

«Prezident Gustawo Petronyň ýolbaşçylygynda Hökümet ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edýär» diýip, ministr aýtdy. Ol şeýle-de häzir ýurtda 74 keselliniň hasaba alnandygyny, olaryň 34-siniň ýokanjyň pidasy bolandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň