Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň ählisiniň döwlet Baştutanlary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Russiýanyň paýtagtynda geçjek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar. Bu barada Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň Geňeşiniň ýygnagynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Men size GDA-nyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň 9-njy maýda Moskwadaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjakdyklaryny habar bermek isleýärin» diýip, Lebedew nygtady.