Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» restorany göçme çäreler üçin çadyrlary hödürleýär

12:3414.04.2025
0
15730

«Altyn Çaýhana» restorany müşderilere göçme çäreleri — sadakalarydyr toý-dabaralary bellemek üçin niýetlenen çadyrlar bilen üpjün etmek hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat açyk asmanyň astynda giň hem islendik howa şerti üçin niýetlenen gurşawy döretmäge mümkinçilik berýär.

«Altyn Çaýhananyň» çadyrlary dürli dabaralar: toýlar, oturylyşyk çäreleri, maşgala baýramçylyklary hem-de sadakalar üçin laýyk gelýär. Restoran ululygy we niýetlenilişi boýunça çadyrlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Restoranyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, çadyrlar müşderiniň islegine laýyklykda goşmaça enjamlaşdyrylyp bilner. Onuň bar bolan düzüm böleklerine kondisionerler, halylar, mebeller, sowadyjy enjamlar hem-de amatly atmosferany döretmek üçin zerur bolan beýleki zatlar girýär. Çadyrlaryň kärende tölegi olary gerekli ýerine eltip bermek, gurnamak we sökmek hyzmatlaryny hem öz içine alýar.

Çadyrlary kärendesine bermekden başga-da, «Altyn Çaýhana» müşderilere göçme baýramçylyk stoluny gurnamak, myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek we meýdançany bezemek ýaly giňişleýin hyzmatlary ýetirýär.

Dabaranyň rahat we guramaçylykly geçmegi üçin bu işi «Altyn Çaýhana» ynanyň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy);
  • telefon belgileri: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň