Howa gözegçilik enjamlaryny öndürýän Ýewropanyň we Aziýanyň belli öndürijileriniň – «Sabiana» (Italiýa), «Airwell» (Fransiýa) we «Grad» (Hytaý) resmi kompaniýalarynyň distribýutory Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna we kärhanalaryna amatly mikroklimat döretmek üçin dürli çözgütleri hödürleýär. Hödürlenýän enjamlaryň hatarynda kondisionerler, dürli görnüşli split ulgamlar, fankoýllar, köp zolakly VRV kondisioner ulgamlary we çillerler bar.
Sowadyş we ýyladyş ulgamlaryny öndürmekde 90 ýyldan gowrak tejribesi bolan «Sabiana» italýan kompaniýasy sessiz pol we diwar fankoýllary bilen tanalýar. «Sabiana» önümleriniň tapawutly aýratynlygy diňe bir owadan dizaýny däl, eýsem, Wi-Fi arkaly ykjam programma bilen dolandyrmak mümkinçiligidir. Fankoýllaryň dürli ululykly we kuwwatly görnüşleri elýeterlidir hem-de bir ýyl kepillik bilen berilýär.
Fransiýanyň kondisioner önümçiligine ýöriteleşen «Airwell» kompaniýasy 75 ýyl bäri rahat gurşaw döretmäge gönükdirilen enjamlary işläp düzýär we kämilleşdirýär. «Airwell» türkmen alyjylaryna pes naprýaženiýada (135 woltdan başlaýar) işlemek ukyby bilen tapawutlanýan split-kondisionerleriň giň toplumyny hödürleýär.
«GRAD» hytaý öndürijisi Türkmenistanyň bazaryny hojalyk split-kondisioner ulgamlarynyň, pol fankoýllarynyň we köp zolakly sowadyjy VRV ulgamlarynyň dürli görnüşleri, şol sanda modully howa sowadyjy çiller bilen üpjün edýär. «GRAD» kompaniýasynyň VRV ulgamlary hususy kottejleri we dürli giňişlikdäki ofis binalaryny sowatmak hem-de ýylatmak üçin giňden ulanylýar. Bu ulgamlar diwara gurlan, kanal we kasseta görnüşlerinde hödürlenýär hem-de iki ýyl kepillik bilen üpjün edilýär.
Enjamlary saýlamak we Türkmenistanyň hemme ýerine eltip bermek hyzmatyny resmileşdirmek barada giňişleýin maslahat almak üçin aşakdaky salgy boýunça «Sabiana», «Airwell» we «Grad» brendleriniň resmi distribýutoryna ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç., «Aýly Ýaz» binasy.
Telefonlar: (+993 65) 41 82 82, (+993 64) 27 91 87.