Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Uçuşlaryň tutuş taryhynda älem giňişliginde 630-dan gowrak adam boldy

09:1712.04.2025
0
25780

Adam tarapyndan dolandyrylan kosmosa uçuşlaryň tutuş taryhy boýunça dünýäniň 43 ýurdundan 631 adam, şol sanda 13 döwletiň aýal-gyzlarynyň 82-si älem giňişliginde boldy. Bu hakyky kosmonawtlary we astronawtlary, şeýle hem kosmos syýahatçylaryny öz içine alýan maglumatlar TASS habarlar agentliginde berilýär.

Berlen statistika görä, kosmosa uçan adamlaryň sany boýunça 369 astronawty bilen şek-şübhesiz öňdebaryjy ABŞ bolup durýar. Ikinji ýeri 138 kosmonawt bilen SSSR/Russiýa eýeleýär we 24 taýkonawt bilen Hytaý üçünji orunda durýar. Kosmosa öz raýatlaryny iberen beýleki ýurtlaryň sanawynyň hatarynda Ýaponiýa (14 adam), Germaniýa, GDR-i goşmak bilen (13), Kanada (11), Fransiýa (10), Italiýa (8) we Saud Arabystany (3) bar.

Belgiýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Niderlandlar, BAE we Şwesiýa ýaly ýurtlardan 2 wekil kosmosda boldy. Ýene-de 21 ýurt, şol sanda Awstraliýa, Hindistan, Malaýziýa, Türkiýe we beýleki döwletler kosmosa diňe bir wekilini iberipdir.

Kosmosda jemi bolmak wagty boýunça dünýä rekordyny Türkmenistanda doglan, rus kosmonawty Oleg Kononenkonyň goýandygy bellärliklidir. Ol kosmosa amala aşyran bäş saparynyň dowamynda orbitada 1 110 gün 14 sagat 58 minut 37 sekunt bolupdyr.

Russiýada 12-nji aprelde Ýuriý Gagarin tarapyndan 1961-nji ýylda dünýäde ilkinji adam tarapyndan amala aşyrylan kosmosa uçuşynyň hormatyna Kosmonawtika güni bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň