«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti binalary Günüň şöhlesinden goramak we daşky görnüşini gowulandyrmak üçin döwrebap çözgüdi — alýumin fasad örtüklerini hödürleýär.
Alýumin fasad örtükleri näme?
Alýumin fasad örtükleri — bu Gün şöhlesiniň derejesiniň täsirini sazlamak we jaýlaryň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin binalaryň fasadlaryna oturdylýan Günden gorag panelleridir. Olar Gün şöhlesiniň berýän artykmaç gyzgynlygy bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär:
Howalandyrma üçin çykdajylaryň artmagyna getirýän ýagdaý — jaýlaryň gyzmagy.
Esasan-da, adamlaryň kompýuter tehnikalarynda işleýän ofislerinde aşa köp düşýän yşyklandyryş sebäpli ýüze çykýan oňaýsyzlyk.
Günden goraýjy örtükler fasadyň özboluşly aýratynlyklaryny, binanyň nähili maksatlydygyny, Gün şöhlesiniň derejesini hem-de dizaýnerlik talaplaryny göz öňünde tutup taslamalaşdyrylýar we gurnalýar. Örtükler ygtybarly berkidilip, estetiki görnüşe getirilip, kronşteýnleriň ýa-da ugrukdyryjylaryň kömegi bilen oturdylýar.
«Maksatly Türkmen» kompaniýasynyň binalary gurmak we abatlamak üçin dürli görnüşli önümleri hödürleýändigini ýatladýarys. Bu önümler şulardan ybarat:
- PWH-den we alýuminden ýasalan döwrebap penjire we gapy gurluşlary, şol sanda süýşürilýän, panorama we çarçuwasyz ulgamlar.
- dürli görnüşli žalýuzler we awtomatlaşdyrylan penjire örtükleri.
- ofis aralyk bölmeleri, duş kabinalary we perilalar ýaly aýnadan ýasalýan gurluşlar.
- awtomatiki sensorly gapylar, bölme derwezeler we beýlekiler.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
- telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: