Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» restorany: dabaralar we gündelik duşuşyklar üçin ajaýyp ýer

15:1009.04.2025
0
18762

«Altyn Çaýhana» restorany hyzmatlarynyň köpdürlüligi we göwnejaý atmosferasy bilen Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Bu kärhana diňe bir oňaýly gurşawda datly tagamlardan lezzet almaga mümkinçilik bermän, eýsem ýokary derejeli ýörite dabaralary hem guraýar.

«Altyn Çaýhananyň» tapawutly aýratynlyklaryndan biri hem 40 adama niýetlenen VIP zalynyň bolmagydyr. Bu ýubileýleri, köpçülikleýin oturylyşyklary we beýleki möhüm dabaralary maşgala bolup ýa-da kärdeşleriň bilen bellemek üçin örän ajaýyp ýerdir.

Möhüm seneleri öýde ýa-da açyk howada bellemegi makul görýänler üçin restoran göçme hyzmatlary hem hödürleýär. «Altyn Çaýhana» restoranynyň hünärmenler topary çadyrlary oturtmak, naharlary bişirmek, gap-gaçlary taýýarlamak hem-de hyzmatçylary üpjün etmek bilen, hudaýoly sadakalaryny, toýlary we beýleki dabaralary guramagy öz üstüne alýar.

Şeýle hem restoran zallarda döwrebap amatlyklary hödürlemek bilen, myhmanlaryň rahatlygy barada alada edýär. Döwrebap enjamlar, sazlar, şeýle hem yşyklandyryşy sazlamak her bir dabara üçin özboluşly atmosferany döretmäge mümkinçilik berýär.

Müşderilere amatly bolmagy üçin «Altyn Çaýhana» öz mobil programmasyny döretdi. Bu programmany ulanmak arkaly halaýan tagamlaryňyzy öýüňize ýa-da ofisiňize sargyt edip, oňaýly we tiz wagtda alyp bilersiňiz. Mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

«Altyn Çaýhana» restoranynyň salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy);
  • telefon belgileri: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň