Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bangkokda ýykylan binalaryň harabalarynda diri galanlary gözlemegi bes etdiler

13:1308.04.2025
0
22425
Bangkokda ýykylan binalaryň harabalarynda diri galanlary gözlemegi bes etdiler
Surat: RIA Nowosti

Bangkokdaky Tailandyň Baş auditorynyň edarasynyň gurlup tamamlanmadyk 30 gatly binasynyň harabalygynda işleýän halas edijiler diri galanlary gözlemek işlerini bes etdiler. Bu barada «Thai Rat TW» teleýaýlymyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.

Diri galanlara zeper ýetirmezlik üçin seresaplylyk bilen alnyp barlan gözleg-halas ediş işlerini 11-nji günde bes etmek kararyna geldiler, sebäbi indi harabalarynyň astynda diri galan adamlary tapmaga umyt ýok. Harabany bir hepdäniň dowamynda aýyrmak üçin agyr tehnikalar peýdalanylar diýlip, teleýaýlymyň habarynda bellenýär.

Munuň öňüsyrasy Bangkogyň häkimi Çatçat Sitthiphan žurnalistlere halas edijileriň ýykylan binanyň astynda diri galanlary tapmaýandyklaryny habar beripdi.

Tailandyň Baş auditorynyň edarasynyň 30 gatly gurlup tamamlanmadyk binasynyň harabalygynda gözleg-halas ediş işleri wagtynda 19 sany ýaralanan adamy halas etmek, 15 adamyň jesedini tapmak başartdy. 70-den gowrak adam heniz hem dereksiz ýiten hasaplanýar.

Öň Mýanmadaky güýji 7,7 bal bolan ýer yranmasy goňşy Bangladeşde, Hindistanda, Tailandda, Laosda we Hytaýda duýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň