Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gyrgyzystan işewür wekiliýetiň saparyny guramak boýunça gepleşikleri geçirdiler

14:0013.03.2025
0
4331

11-nji martda Türkmenistanyň ilçisi N.Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministriniň orunbasary S.Bolotow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy «Turkmenportala» habar berdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, şol sanda Gyrgyzystanyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana boljak sapary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanma we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen täze ikitaraplaýyn ylalaşyklary taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere gyrgyz tarapynyň gatnaşmagy boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça yzygiderli aragatnaşyk saklamak we öň gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň