Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

16:0413.03.2025
0
3706
Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan bilen duşuşdy. 12-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewandaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Taraplar iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň özara okuwlara we maslahatlara, şeýle hem talyplaryň we mekdep okuwçylaryň geçirilýän olimpiadalara yzygiderli gatnaşýandyklarynyň üstünde durup geçdiler.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigi we muňa bagyşlanylyp dünýäniň köp ýurtlarynda dürli çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, hem Türkmenistanda, hem Ermenistan Respublikasynda bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň