Lissabondan Londona uçuşy amala aşyrýan «Tap Air Portugal» uçary bortunda dörän tüsse sebäpli Portugaliýanyň Portu şäherinde gonmaly boldy. Uçarda 194 ýolagçy bolup, olaryň käbirine lukmançylyk kömegi berildi. Bu barada «Mirror» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
11-nji martda agşam bolan hadysada uçarmanlar howsala duýduryşyny berip, uçuşdan bir sagat 15 minut soňra Portu şäherinde gonuşy amala aşyrdylar. Dokuz adam hassahana ýerleşdirildi, iki adama ýerinde kömek berildi. Ýolagçylar tüssä boglup, ýürek bulanmasyny we kelleagyryny başdan geçirdiler.
Portugaliýanyň Howa menzilleriniň milli operatory bolan ANA edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, tüsse uçarda tehniki näsazlyk netijesinde döredi. Häzirki wagtda onuň anyk sebäbini ýüze çykarmak üçin derňew işleri alnyp barylýar.