Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Puma» 500 iş ornuny kemeltmekçi

14:0713.03.2025
0
1929
«Puma» 500 iş ornuny kemeltmekçi
Surat: Gazeta.ru

Germaniýanyň «Puma» sport eşikleri kärhanasy 500 sany iş ornuny kemeltmekçi, şunda olaryň 150-si ýurduň öz raýatlary bolar. Bu barada «Bild» neşiri kompaniýanyň wekiline salgylanyp, habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Çözgüt kompaniýanyň işiniň täsirliligini artdyrmaklyga gönükdirilendir, munuň üçin 75 million ýewro bölünip berildi.

«Puma» işgärlerini mejbury işden boşatmakçy däldigini habar berdi. Iş orunlaryny azaltmak boş iş orunlaryny ýatyrmagyň, işgärleriň tebigy işden gitmeginiň we meýletin işden gitmek meýilnamasynyň hasabyna amala aşyrylar.

«Biz düzümi kämilleşdirmegi işgärlere zyýan ýetirmezden amala aşyrmakçy bolýarys» diýip, kompaniýada aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň