Gazagystanda çagalar we ýetginjekler üçin ýörite sim-kartlary girizmek isleýärler, ol kesgitli saýtlara we sosial zynjyrlara elýeterliligi çäklendirer. Bu barada Respublikanyň magaryf ministriniň orunbasary Ýedil Ospan Astanada geçen metbugat birifinginde habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Onuň sözlerine görä, ene-atalar çagalary üçin hut şu sim-kartlary satyn almaly bolarlar. Bu olara öz çagalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
«Ene-atalar çaganyň telefony nädip ulanýandygyny yzarlap bilerler. Geolokasiýa ulgamy bolsa, ýörite programmanyň kömegi bilen çaganyň nirdedigini anyklamaga mümkinçilik berer. Gurlan filtrler çagalary ýaramaz kontentlerden goramagy üpjün eder» diýip, Ospan nygtady.
Ministriň orunbasary häzir bu taslamanyň degişli döwlet edaralary bilen ara alnyp maslahatlaşylýandygyny sözüniň üstüne goşdy. «Biz halkara tejribesini öwrenýäris. Dünýäde sim-kartlaryň diňe çagalar üçin satyn alynýan ýurtlary bar» diýip, ol aýtdy.