Medeniýet diňe sarp edijileriň özüni alyp barşyna täsir etmän, nyrhlary-da emele getirýär. Nemes alymlary harytlaryň bahasy kesgitlenende, mysal üçin, tegelenende (10.00), biraz aşakladylanda (9.99) ýa-da takyk bahalandyrmada (9.87) jemgyýetiň medeni özboluşlylygynyň ornunyň bardygyny kesgitlediler. Ylmy iş «Frontiers in Behavioral Economics» (FBE) žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Alymlar munuň üçin 23 ýurtdaky nyrh ýarlyklaryny seljerdiler we bahalaryň emele gelmegi bilen üç medeni aýratynlygyň: özbaşdaklygyň, näaýdyňlykdan gaça durmagyň we uzak möhletleýin geljekden ugur almagyň arasyndaky baglanyşygy tapdylar.
Mysal üçin, özbaşdaklyk medeniýetli ýurtlar bolan Awstraliýada, Kanadada we Niderlandrlarda köplenç tegelek nyrhlar duş gelýär, sebäbi olar ýokary hili aňladýar. Bu döwletlerde harydyň nyrhynyň biraz arzan bolmagyna onuň pes hili hökmünde garalýar. Uzak möhletli geljege niýetlenýän garaýyşly ýurtlar bolan Germaniýada, Ispaniýada we Estoniýada hem tegelek nyrhlar agdyklyk edýär. Bu sarp edijileriň ynamyny gazanmak bilen baglydyr.
Näaýdyňlyk we durnuklylyk agalyk edýän jemgyýetleri bolan Gresiýa, Portugaliýa hem-de Belgiýa ýaly ýurtlarda tersine, azajyk arzan nyrhlar köpdür, bu bolsa müşderiler tarapyndan utuş gazanmak hökmünde kabul edilýär.
Nyrhlaryň kabul edilmegi we medeni dürlülik kompaniýalara dürli ýurtlarda harytlara müşderileriň islegine görä baha kesgitlemäge mümkinçilik berýär.