Amerikaly zenan Jeý Di Holt ýurduň Oregon ştatynyň psihiki saglyk boýunça maslahat beriş geňeşiniň düzümine girdi. Täsin ýeri, ol özüni adam däl-de, pyşdyl hasaplaýar diýip, «Daily Mail» neşiri gürrüň berýär.
Jeý Di Holt geňeşiň geçen ýylyň dekabrynda bolan ýygnagynda «pyşbaga» diýip adyny tutmaklaryny haýyş etdi. Maslahat beriş geňeşiň beýleki agzalary onuň pikirine hormat goýýandyklaryny nygtap, «hanym pyşdyl» diýip atlandyrdylar diýlip, habarda bellenýär.
Ýeri gelende aýtsak, maslahat beriş geňeşiniň borjuna psihiki saglyk ulgamynda döwlet serişdelerini tapmak we maslahat bermek girýär. Guramanyň agzalary iki ýyl möhlet bilen saýlanýar.